- mekan
- [meka:n]1) Ýaşalýan ýer, menzil-mekan, ýurt, watan.∙ Watan diýmek halkyň dörän mekany, içinde guralgy agyr dükany. (N. Pomma, Saýlanan eserler)∙ Dostlar! Durmuş ne gözel! Güle oýlandy mekan. («Sowet edebiýaty» žurnaly)2) Ýaşamak için öý, jaý.∙ Öňki wagtda çöp-çatma bolardy mekanymyz, Agyr zulum astynda seçilerdi ganymyz. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)3) Göçme manyda Bir zadyň köp bitýän, bolýan ýeri.∙ Al-elwan gülleriň mekany bolan peljagazlar bilen, özümiziň ösdürüp ýetiştiren agaçlarymyz bilen hoşlaşdyk. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)∙ Garagumuň günorta-gündogar bölegine: --maldarçylygyň tüýs mekany -- diýip, hak aýdýarlar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Biz galtamanlaryň mekanyna duçar bolupdyrys. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)◊ mekan tutmak — Belli bir ýerde ýaşamak; Belli bir kärde, ýerde işlemek.∙ Maldarçylyk tehnikumyny gutarandan soň, belli bir ýerde mekan tutan adam däl. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.